Jan 09, 2021 14:00 Asia/Ashgabat

راهی بسوی نور(874)Gafer süresi,

26-njy aýat :‏ وَقَالَ فِرْعَوْنُ ذَرُونِي أَقْتُلْ مُوسَى وَلْيَدْعُ رَبَّهُ إِنِّي أَخَافُ أَن يُبَدِّلَ دِينَكُمْ أَوْ أَن يُظْهِرَ فِي الْأَرْضِ الْفَسَادَ (26)

<< Fyrown aýtdy : goýuň Musany öldüreli we ol öz rebbini çagyrsyn (tä halas etsin ) men gorkýaryn ol siziň diniňizi üýtgeder diýip ýada bu ülkede pysatçylyk eder diýip .>>

Geçen gepleşikde hezreti musa (a.s)ň Fyrowny allanyň bendeligine çagyryp bäni ysrayyl kowumyna azar bermekden alyp galmak ugurda eden tagallalaryna yşarat etdik . gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda aýdýar : hezreti musanyň delil we mantyk we aýdyň mugjyzalar esasynda öňe sürlen bu çakylygynyň garşysynda fyrown tekepbirlik edip özüniň köşgündäki adamlara ýüzlenip : egerde musany öz erkine göýbersek onuň ilaty biziň bilen tersleşmeklige itermegi , ilatyň dinini üýtgedip ülkäni pysada çekmegi mümkindir diýip aýtdy . bu ýerde fyrown , hezreti musany öldürmek üçin iki delil getirdi ol : dymyp otursak musanyň halkyň içine ornap olaryň dinini üýtgetmegi halky but parazlykdan alyp galmagy ýada ýer ýüzünde pysat etmegi mümkindir diýip delil getirmek bilen bu zatlaryň öňüni almak üçin her ne basym musany öldürmeli bolýarys diýip aýtdy .Elbetde fyrownyň garaýşyndan din dileni onuň özüne ýada butlara sygynmakdan aýry zat däldi . ol hamana diniň ady bilen özüne we öz häkemiýetine mukaddeslik bagyş edip ilaty ezmegiň yzyndady . elbetde bu hili diniň ady bilen özlerine mukaddeslik bagyş etmekçi bolan hökmürowanlyk diňe fyrownyň hökmürowanlygyna çäklenýän däldir, ol taryh boýunda hemişe bolandyr we zalymlar we sütemkärler hem hakyky mömin we salyhy ynsanlaryň garşysynda özlerini ber hak görkezmek ugurda bu hili şiwelerden peýdalanyp gelendirler . her halda fyrown özüniň delillerine yşarat etmekden soň musanyň garşysynda biziň ýekeje çärämiz olda ony aradan aýyrmaklyk we oňa "egerde aýdýanyň dogry bolsa we hudaý seni iberen bolsa onda şol hudaýy çagyr tä seni biziň elimizden halas etsin" dimeklik diýip beýan etdy .Elbetde fyrownyň geňeşdarlarynyň köpüsi onuň bu işine garşydylar sebäbi ol , Musa öldürlen ýagdaýynda ilatyň köpüsiniň onuň dinine girip fyrownyň hökmürowanlygyny ýok etmeklerinden gorkýardylar .Guehan klerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :1- fyrown ýaly eziji we zalym häkimler hakyň yzyndaky ýolbaşçylary ýok etmekligi dogry iş bilýändirler .2- eziji häkimler özleriniň hökmürowanlygyny goramak üçin durmuşky ýagdaýy saklamagyň yzyndadyrlar . olar : biziň häzirki ýagdaýmyzy hiç kim çep gözlemäge haky ýokdur diýip aýdýandyrlar .3- eziji häkemiýetlerde we režimlerde howpsuzlyk barem bolsa ol tüpeňiň zory bilen bolýandyr , eziji hökmürowanlaryň ber karar edýän howpsuzlyklary azatlygyň we akyl paýhasyň saýasynda amala gelýän hakyky howpsuzlyk däldir.Gafer süresi, 27-nji aýat :وَقَالَ مُوسَى إِنِّي عُذْتُ بِرَبِّي وَرَبِّكُم مِّن كُلِّ مُتَكَبِّرٍ لَّا يُؤْمِنُ بِيَوْمِ الْحِسَابِ (27)

<< we musa : men öz rebbime we siziň rebbiňize pena getirýärin hasap gününe imany bolmadyk tekepbir adamlardan diýip aýtdy .>>

Hezreti musa fyrownyň ölüm hawpy bilen haýbat atmagynyň garşysynda ýüregine gorky salman aýtdy : men siziň bu atýan haýbatlaryňyzyň garşysynda özümiň we siziň perwerdigäriňiz bolan alla pena getirýärin , ol islemese hiç bir zat bolmaz men dünýä gelemde hem siz meni öldürjekdiňiz ýöne şol alla meni gorady we allanyň emri bilen enem meni bir sandygyň içinde goýup Nil derýasyna atdy we seň özüň meni nilden alyp öz ýanyňda ulaltdyň bu gün hem alla meniň arkamdadyr we sen ýaly ezijileriň howpundan gorar emma meň ykbalym seň eliň bilen ölmeklik we şehit bolmaklyk bolsa men oňa hem taýyn we ondan hiç gorkmaýaryn her halda men öz ykbalymy alla ynandym we ol her ne islese şol bolar diýip musa aýtdy.Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :1- duşmanyň atýan haýbatlaryndan gorkmaly, eýsem duşmanyň howpunyň garşysynda alla pena getirmelidirs, sebäbi allasyz çöp başy gimildamaz we alladan ýokarda durýan güýç hem bolmaz .2- tekepbirlik we ezijilik fyrown ýaly adamlaryň häsyýetlerindendir, her çen ol adam fyrownyň ornunda bolmasada .3- hakyň garşysynda tekepbirlik etmeklik ynsany allaga we kyýamat gününe iman getirmekden alyp galýandyr .Gafer süresi, 28-nji aýat :وَقَالَ رَجُلٌ مُّؤْمِنٌ مِّنْ آلِ فِرْعَوْنَ يَكْتُمُ إِيمَانَهُ أَتَقْتُلُونَ رَجُلاً أَن يَقُولَ رَبِّيَ اللَّهُ وَقَدْ جَاءكُم بِالْبَيِّنَاتِ مِن رَّبِّكُمْ وَإِن يَكُ كَاذِباً فَعَلَيْهِ كَذِبُهُ وَإِن يَكُ صَادِقاً يُصِبْكُم بَعْضُ الَّذِي يَعِدُكُمْ إِنَّ اللَّهَ لَا يَهْدِي مَنْ هُوَ مُسْرِفٌ كَذَّابٌ (28)

<< Fyrownyň handanynda öz imanyny basyrýan bir mömin adam bardy, ol aýtdy :Siz, meniň rebbim diýip aýdýan adamy öldürjek bolýarsyňyzmy? ( musa ) öz rebbi tarapyndan aýdyň deliler bilen siziň ýanyňyza gelen mahaly – egerde ( musa ) kezzap bolsa onuň ýalany öz zyýanynadyr eger dogry aýdýan bolsa size beren wadalarynyň kä biri size ýeter" diýip . alla kezzap we ysryp edýan kimseleri hedaýat etmez. >>

Fyrownyň köşkünde we handanynda bir imanly adam bardy, ol özüniň imanyny basyryp ýaşaýardy. bu imanly adam fyrownyň hezreti musa ölüm howpy bilen haýbat atmagyny gören soň indiden soň dymyp oturmaklygy jaýyz bilmedi. şonuň üçin özüni howpa oklap hezreti musadan arka çykdy . bu adam hezreti musanyň sözlerinden delil getirip: älem jahany ýaradan kimse alladyr we allanyň özi hem onuň çäresini görýändir we allanyň özüniň ber haklygyny aýan etmek üçin musa ýaly pygamberleri iberendir we olaryň üsti bilen mugjyzalary görkezendir onda howlukmaň we parasatly amal edip, etjek işiňiziň soňuna oýlanyň ýogsa puşman bolarsyňyz diýip aýtdy . bu mömin adam ýene sözlerine goşup : musanyň aýdýan zatlary iki zatdan daş däldir ýa ol dogry aýdýandyr ýada ýalan aýdýandyr. egerde ýalançy kezzap bolsa ýalan her bir zetdan ozal onuň öz ýakasyndan ýapyşjakdyr we ahyrda onuň kimligi aýan bolup özi halyk arasynda reswa boljakdyr, emma dogry aýdýan bolsa we onuň allanyň azaby barada beren wadalary dogry çyksa siz ony öldürseňiz özüňiz allanyň gahar gazabyna uçrap ýok olarsyňyz onda ony öldürjek bolmaň we ony öldürmeklik akyldan daş zatdyr diýip aýtdy .Gurhan kerim bu aýatynyň öwredýän sapaklary :hezreti musa (a.s) Fyrownyň howpuny dep etmek üçin alla pena getirdi, şonda alla tagala , fyrownyň köşgündäki adamlaryň birisiniň üsti bilen hezreti musa hemaýat berdi .kä mahallar möminleriň , kapyrlaryň we zalymlaryň gorkusyndan özleriniň içgi syrlaryny we imanlaryny basyrmaklar gereklidir we olaryň bu işi munafyklygyň alamaty däldir.Garşylar bilen gürrüň etmekde täsip bilen dälde eýsem delil we mantyk esasynda gürrüň etmelidir, Furownyň köşgünde ýaşaýan şol mömin adam ýaly bir meseläniň durly taraplaryny açyklamalydyr. ol adam hem  : musa ýä dogry sözleýändir ýada ýalançydyr, egerde dogry sözleýän bolsa onuň aýdýanlary biziň nepimizedir egerde ýalan sözleýän bolsa ol ýalan her bir zatdan ozal onuň öz ýakasyndan ýapyşjakdyr diýip aýtmak bilen öz gepini garşydaşlaryna kabul etdirmegi başardy.//////////