Farabynyň ömürbeýany
Beýik akyldar harby serkerdäniň maşgalasynda eneden dogýar. Ol ýaşlygyndan başlap dürli ylymlary ürç edip öwrenýär. Ýigrimi ýaşyndan soňra ol Buharada we Samarkantda okaýar hem işleýär. Kämil ylym almaga bolan teşneligini gandyrmak arzuwy Farabyny ýola çykarýar. Netijede, ol musulman gündogarynyň köp şäherlerinde bolýar. Ony döwrüň medeni we syýasy merkezi bolan Bagdat has özüne çekýär. Faraby Bagdada barýar we ol ýerde köp ýyllap ýaşaýar.
Taryhçy alym ibn Hallykan «Wefiýat al-agýan we taryh enba ebna az-zaman» («Meşhur şahslaryň dünýäden öten seneleri we döwrüň ogullary barada habarlary berýän taryh») atly kitabynda şeýle ýazýar: «Ol Firabr[1] şäherinde dogulýar, ol ýerde ösüp-ulalýar. Soňra Muhammet öz şäherinden çykyp, sapara rowan bolýar we Bagdada gelýär. Şol wagt ol türki dili we ondan başga birnäçe dili bilýärdi. Ýöne heniz ol arap dilini bilmeýärdi. Bu sebäpden ýetginjek arap dilini öwrenmäge girişeär we gysga döwrüň içinde bu dili kämil özleşdirýär. Ol arap dilini Abu Bekr ibn Sarrajyň elinde okaýar.
Meşhur akyldar Abu Bişr Matta ibn Ýusup hekim[2] döwrüň beýik ussatlarynyň biridi. Adamlar ondan mantyk ylmyny öwrenýärdiler. Çünki onuň beýik at-owazasy çar-töwerege ýaýrapdy. Ol mantyk ylmyny öwretmek üzin adamlary jemleýärdi we olara Aristoteliň «Mantyk» atly kitabyny okadýardy. Abu Bişriň şägirtleriniň ýetmiş sanysy onuň berýän düşündirişlerini ýazyp alýarlar.
Abu Nasr Faraby hem bu beýik ussadyň şägirtleriniň biridi. Şol döwrüň alymlarynyň biri: «Men Abu Bişriň sözleriniň manylaryny bir gezekde şeýle ýeňillik bilen ýat tutýan başga şägirdi görmedim» diýip nygtaýar. Faraby Abu Bişriň berýän derslerine ürç edip gatnaýardy. Abu Nasr Bagdatda birnäçe wagtlap boldy. Soňra ol Harrana[3] gitdi. Ol ýerde nasrany akyldary Ýuhanna bin Hablan hekim ýaşaýardy. Abu Nasr bu alymdan mantyk ylmynyň dowamyny alýar. Soňra ol bu ussat bilen bilelilikde ýene Bagdada gaýdyp gelýär. Abu Nasr bu ýerde pelsepe ylymlaryny we Aristotleliň hemme kitaplaryny kämil özleşdirýär. Ol Aristoteliň «Ruh barada kitap» («Kitab an-nefs») atly eserini gaýtalap-gaýtalap okap çykýar we ony göçürip alýar. Onuň özi Aristoteliň «Fizika» («As-sima‘ at-tabi‘i») atly kitabyny kyrk gezek okap çykandygyny belleýär. Abu Nasr: «Men bu kitaby şunça gezek okasam hem, ony ýene gaýtalap okamaga mätäç bolýardym» diýip aýdýar. Onuň özüniň aýtmagyna görä, oňa: «Bu kitaby sen gowy bilýärsiňmi ýa-da Aristotel?» diýip sowal berlipdir. Ol muňa şeýle jogap gaýtarypdyr: «Eger men bu kitaba düşünen bolsam, onda Aristoteliň beýik şägirtleriniň biri bolardym».
Faraby Bagdatda pelsepe ylmyna yhlasly meşgul bolmakda beýleki alymlardan has tapawutlanyp, döwrüniň ökde pelsepeçisi bolup ýetişdi. Ol bu ýerde enzçeme kitaplaryny ýazdy. Soňra alym Damaska gitdi. Ýöne ol bu şäherde uzak eglenmedi we ondan Müsüre bardy. Soň Faraby ýene Damaska gaýdyp geldi we onda ýaşady. Bu ýerde oňa Şamyň emiri Seýfeddöwle Hamdany howandarlyk etdi.
Bir gün Seýfeddöwle Hamdany metjitleriň birine mertebeli adamlary we alymlary jemledi. Bu mejlise Faraby hem bardy. Ol türki kowumyň milli eşigindedi. Seýfeddöwläniň Faraba gözi düşüp, ony öz ýanyna çagyrdy we oňa gapdalynda oturmagy teklip etdi. Adamlar emiriň oňa beýle hormat goýmagyna haýran galdylar. Seýfeddöwläniň özüniň ýörite janpena memluklary bardy. Ol adatça olar bilen köpleriň bilmeýän dilinde gepleşerdi. Seýfeddöwle olara şol dil bilen: «Bu ussat köp zatlary bilýär. Men ondan käbir meseleler barada soramakçy» diýdi. Abu Nasr bu sözi eşidip, onuň geplän dilinde: «Eý, emir! Siz tagapyl ediň! Her bir işiň öz wagty bardyr» diýdi. Seýfeddöwle onuň bu dili bilýändigine haýran galyp: «Eýse, Faraby bu dili hem bilýärmi?» diýip sorady. Faraby: «Hawa. Siziň sadyk guluňyz ýetmişden gowrak dili bilýär» diýdi. Şundan soň Seýfeddöwle oňa özüniň sowallaryny berdi. Abu Nasr emiriň sowallaryna jogap berdi. Soňra oňa mejlisdäkiler sowal berdiler. Ol bularyň hem sowallaryna jogap berdi. Farabynyň ynandyryjylykly jogaplary mejlisdäki hemme adamdary haýrana goýdy. Ol geplände hiç kimden ses çykmaýardy. Mundan soň emir ondan: «Ussat aýdym-saz diňlemek isleýärmi?» diýip sorady. Faraby: «Hawa» diýip baş atdy. Emir sazandalary we aýdymçylary çagyrdy. Olar saz çaldylar we aýdym aýtdylar. Soňra Seýfeddöwle ondan: «Ussadyň aýdym-sazdan başy çykýarmy?» diýip sorady. Faraby ýene: «Hawa» diýip baş atdy. Soňra ol donunyň içinden saz guralyny çykardy we bir türki sazy çaldy. Mejlisdäki hemme adamlar şatlandylar. Soňra ol ýene bir türki saz çaldy. Mejlisdäki hemme adamlar gaýgylandylar. Soň ol ýene bir türki saz çaldy. Bu sapar mejlisdäki adamlaryň hemmesi, gapyda duranlara çenli uklap galdylar. Faraby bolsa mejlisden çykyp gitdi. Aýdylyşyna görä, bu saz guralyny onuň özi oýlap tapypdyr.
Faraby sabyr-kanagatly we takwa adamdy. Abu Nasr güzerany üçin her günde beýtilmaldan dört dirhem alardy. Şeýle az mukdar puly ol özüniň gündelik hajatyna sarp etmek bilen oňňut ederdi. Alym 339/950-nji ýylda segsen ýaşynda Damaskda dünýäden ötdi. Onuň jynazasyny Seýfeddöwle Hamdany okady. Ony Damaskyň eteginde ýerleşýän «Bab as-sagyr» diýen bir gonamçylykda jaýladylar.
Ibn Usaýbiga («Taryh al-atybba») «Tebipleriň taryhy» atly kitabynda şeýle aýdýar:
«Abu Nasr Faraby – ol Muhammet ibn Muhammet ibn Uzlug ibn Tarhan Farap şäherindendir. Ol şäher Horasandaky türki kowumlaryň şäheridir. Abu Nasryň kakasy goşun serkerdesidi. Faraby birnäçe wagtlap Bagdatda boldy. Soňra ol Şama gidip, tä dünýäden ötýänçä ol ýerde ýaşady. Ol kämil pelsepeçidi, mertebeli ymamdy, matematika ylymlarynyň ussadydy, tebipçilik ylmyna ökdedi we akyldardy. Onuň kitaplary ýaýrady, at-owazasy göterildi we şägirtleri köpeldi. Ondan: «Eý, Abu Nasr! Sen ökdemi ýa-da Arystotel» diýip soralypdyr. Ol muňa şeýle jogap beripdir: «Eger oňa düşünen bolsam, onda men onuň beýik şägirdi bolardym». Ol 339/950-nji ýylyň Rejep aýynda dünýäden ötdi».
Faraby araplaryň, parslaryň, hindileriň, ýunanlaryň, gadymy pelsepeçileriň, taryhzylaryň, syýahatzylaryň, şahyrlaryň, alymlaryň kitaplaryny okap çykdy we olary kämil özleşdirdip, akyldarlyk derejesine ýeten şahsyeýtdir.