-
Türkmenistan döwleti serhet we gümrük ugurlarda Таliban» hereketiniň wekilleri bilen yzygiderli gatnaşyklary saklaýarlar
Aug 18, 2021 13:37Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär, ýagny ýurduň diplomatik gullugynyň we beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri döwlet serhediniň goraglylygy, gümrük, sanitar, fitosanitar we ýükleriň serhet üstünden geçirilmeginde amal edilýän barlagyň hem-de gözegçiligiň gaýry görnüşleriniň meseleleri babatynda «Таliban» hereketiniň wekilleri bilen yzygiderli gatnaşyklary saklaýarlar.
-
Türkmenistanyň Owganystandaky diplomatik merkezleri adaty tertipde işlerini dowam edýär
Aug 18, 2021 13:29Owganystandaky häzirki içeri syýasat wakalary bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär, ýagny Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasy we ýurduň Hyratdaky hem-de Mazari-Şerifdäki Baş konsullyklary adaty tertipde işlemeklerini dowam edýärler.
-
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝ BOÝUNÇA BEÝANNAMASY
Aug 18, 2021 13:25Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Owganystanda bolup geçýän ýagdaýlaryň we wakalaryň ösüşini üns merkezinde saklamagyny dowam edýär.
-
Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk
Aug 14, 2021 14:43Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň binasynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
-
Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Orsýetiň wekilleri Katarda Talyban bilen gepleşik geçirdiler
Aug 13, 2021 10:45Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Orsýetiň wekilleri Katardaky Talyban wekili bilen duşuşyp, Owganystandaky soňky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar.
-
TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARY ÖŇ GAZANYLAN YLALAŞYKLARYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Aug 13, 2021 09:192021-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.
-
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI OWGANYSTAN BOÝUNÇA DOHADA GEÇIRILÝÄN HALKARA DUŞUŞYGA GATNAŞÝAR
Aug 13, 2021 09:16Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň hem-de «Таliban» hereketiniň arasynda parahatçylykly gepleşikleriň barşyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça halkara duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Katar Döwletiniň Doha şäherinde bolýar.
-
AŞGABATDA HAZAR DEŇZINIŇ GÜNI MYNASYBETLI YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
Aug 13, 2021 09:122021-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
-
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Ýaragly Güýçleriniň täze binalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Aug 12, 2021 16:3611-nji awgustda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň serhet galasynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
-
Aşgabat döwletiniň geň karary!
Aug 12, 2021 09:28Türkmen resmileri geň bir ädimde, öý internet alýanlaryň Kuran bilen kasam etmelidigini we VPN ulanmazlygy karar berdiler.