-
Kataryň emiri: Eýran bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösmegini gözleýäris
Jun 20, 2023 18:02Kataryň emiri, Eýranyň Katar üçin sebitdäki aýratyn pozisiýasyna ünsi çekip, Eýranyň daşary işler ministri bilen duşuşygynda: Biz Eýran bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösmegini gözleýäris diýdi.
-
Raisi: çydam toplumy güýç balansyny üýtgedýär
Jun 20, 2023 14:44Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti garşylyk okunyň ýeňişleri barada durup geçip, häzirki wagtda diňe bir basyp alnan ýerlerde däl, eýsem sebitde we hatda halkara arenasynda-da garşylyk frontunyň güýç balansyny üýtgedýändigini we şertleri öz peýdasyna we agalyk ediji güýjiň zyýanyna öwürendigini aýtdy.
-
Kanani: Günbatara bikanun immigrasiýa Amerikanyň we Ýewropanyň nädogry syýasatlaryndan gözbaş alýar
Jun 20, 2023 12:49Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ýüzlerçe bosguny alyp barýan gäminiň Ortaýer deňzinde gark bolmagyna jogap edip, Günbatara bikanun immigrasiýa ABŞ-nyň we Ýewropanyň nädogry syýasatlaryndan gelip çykandygyny aýtdy.
-
Eýranyň Saud Arabystanyndaky ilçisi: Pars aýlag sebiti täze gepleşiklere mätäç
Jun 20, 2023 12:28Eýran Yslam Respublikasynyň Saud Arabystanyndaky täze ilçisi Tähran bilen Riýadyň arasyndaky gatnaşyklaryň täzeden başlamagyna ünsi çekip, Pars aýlag sebtiniň hyzmatdaşlygyň we ösüşe esaslanýan howpsuzlyk çäginde täze gepleşikleriň zerurdygyny aýtdy.
-
ikitaraplaýyn we sebit gatnaşyklary; Amir Abdollahýanyň Katardaky maslahatlaşmalarynyň esasy tarapy
Jun 20, 2023 11:35Eýranyň Daşary işler ministri Kataryň emiri we bu ýurduň Daşary işler ministri bilen duşuşyp, gyzyklanma bildirýän meseleler boýunça pikir alyşdy we maslahatlaşdy.
-
Amir Abdullahian: Sionist režimi sebitdäki howpsuzlygyň we durnuksyzlygyň çeşmesidir
Jun 19, 2023 09:27Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Palestina Yslam Jihad Hereketiniň Baş sekretary bilen bolan duşuşygynda sionist režimiň sebitdäki howpsuzlygyň we durnuksyzlygyň çeşmesidigini aýtdy.
-
Hamasyň wekiliýeti Tähranda
Jun 19, 2023 08:17Palestinanyň Yslam Çydam Hereketiniň (Hamas) ýolbaşçylarynyň wekiliýeti Tährana geldi.
-
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri: Eýran bilen Özbegistanyň arasyndaky taryhy, medeni we ylmy ýakynlyk özboluşlydyr
Jun 18, 2023 18:23Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Özbegistanyň prezidenti bilen bolan duşuşygynda Eýran bilen Özbegistanyň arasyndaky taryhy, medeni we ylmy ýakynlyk özboluşlydyr diýdiler.
-
Özbegistan Respublikasynyň prezidentiniň resmi garşy alynmagy
Jun 18, 2023 14:27Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini resmi dabarada garşy aldy.
-
Eýran Ugandanyň hökümetine we halkyna duýgudaşlygyny bildirdi
Jun 18, 2023 12:16Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ugandadaky bir mekdebe edilen terrorçylykly hüjümi ýazgarmak bilen bu ýurduň hökümetine we halkyna duýgudaşlyk bildirdi.