-
Eýranyň we Azerbaýjan respublikasynyň transport pudagyndaky päsgelçilikleri aýyrmak üçin edilýän tagallalar
Nov 21, 2021 15:44Eýranyň ýollar we şähergurluşyk ministri, Azerbaýjan Respublikasynyň Wise-premýeriniň duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky transport we ykdysady gatnaşyklardaky päsgelçilikleri aýyrmak baradaky tagallalara yşarat edip: Eýranyň ýük awtoulaglaryndan töleg ýygnamak we iki ýurduň arasyndaky transport gatnaşyklaryny ýeňilleşdirmek meselesi barlanylar diýdi.
-
Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
Nov 21, 2021 13:17Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 104 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.
-
Eýranyň metbugaty Iňlisiň Hamas baradaky kararyny ýazgardy
Nov 21, 2021 12:25Eýranyň habar beriş serişdeleri Iňlis hökümetiniň Palestina Yslam garşylyk hereketini "Hamas" terrorçy guramasy diýip atlandyrmagyny ýazgardylar.
-
Hatibzadehiň ABŞ-nyň Eýrana garşy girizen täze sanksiýalaryna reaksiýasy
Nov 19, 2021 07:29Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ABŞ-nyň alty adama we Eýranyň bir edarasyna garşy girizen sanksiýalaryna we fransuz kärdeşiniň Yslam respublikasynyň ýadro programmasy baradaky sözlerine reaksiýa bildirdi.
-
Amir Abdullahian: sanksiýalaryň ýatyrylmagy sebitleýin hyzmatdaşlykda Eýranyň has güýçli bolmagyna getirer
Nov 18, 2021 12:32Eýranyň Daşary işler ministri Sanksiýalaryň ýatyrylmagy we Eýranyň hukuklarynyň ýerine ýetirilmegi, oňyn ykdysady we ynsanperwerlik täsirlerinden başga-da, Yslam Respublikasynyň sebitleýin hyzmatdaşlykda, şol sanda" Aýura "-da has güýçli we täsirli bolmagyna sebäp bolar diýdi.
-
Eýranyň aňtaw ministri: Biz sanksiýalaryň agyr tapgyryndan geçdik
Nov 18, 2021 12:26Eýranyň aňtaw ministri sanksiýalaryň agyr tapgyryndan geçendigimizi aýdyp: "Yslam respublikasynyň mukaddes ulgamynda mümkinçilikler we ýeňişler kynçylyklardan has köpdir" diýdi.
-
Raisi Eýran bilen Orsýetiň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini nygtady
Nov 17, 2021 18:01Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran bilen Orsýetiň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňelmegine ünsi çekdi.
-
Taht e- Rawançi: Howpsuzlyk Geňeşiniň ygtyýarlyklary çäksiz däl
Nov 17, 2021 16:41Eýranyň ilçisi we Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Majid Takht-e Rawançi, BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň ygtyýarlyklarynyň çäksiz we kanundan ýokary däldigini aýtmak bilen bu geňeş esassyz ýa-da halkara hukugyny hasaba almazdan hereket edip bilmez diýdi.
-
Agentlik bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna baha bermek, Grosiniň Tährana saparynyň maksady
Nov 17, 2021 15:41Eýran Yslam Respublikasynyň Wenadaky Birleşen Milletler Guramasyndaky missiýasynyň jogapkäri Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiriniň geljek duşenbe güni Eýran bilen IAEA-nyň arasynda tehniki hyzmatdaşlyk üçin Tährana gitjekdigini habar berdi.
-
Ynkylapyň ýokary lideri: Ýrduň ähli problemalary üçin ylmy çözgüt tapyp bolar
Nov 17, 2021 13:50Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Eýran milletiniň ýaşlarynyň saýlama ukyby, ýurduň ylmy boşlugyny dünýä ylymlary bilen doldurmaga, ylymyň global serhetlerinden geçmäge, täze yslam siwilizasiýasyny döretmäge we ýurduň ýagty gelejegini durmuşa geçirmäge ýol açyp biler diýdiler.