Raisi Eýran bilen Orsýetiň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini nygtady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14408-raisi_eýran_bilen_orsýetiň_arasyndaky_ikitaraplaýyn_hyzmatdaşlygyň_giňeldilmegini_nygtady
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran bilen Orsýetiň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňelmegine ünsi çekdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 17, 2021 18:01 Asia/Ashgabat
  • Raisi Eýran bilen Orsýetiň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini nygtady

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran bilen Orsýetiň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňelmegine ünsi çekdi.

Eýran döwletiniň Ykdysady utgaşdyryş merkeziniň sişenbe güni gijeki ýygnagynda Orsýet ýaly iri we dostlukly ýurtlar bilen özara täsirleşmek we ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu ýygnagda Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi, Orsýet Federasiýasynyň prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigine yşarat edip iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini aýdyň we konstruktiw diýip häsiýetlendirdi we Eýran-Orsýet Bilelikdäki Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň prezidentiň birinji orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky mejlisini gurmagyň we şertnamalary baglaşmagyň zerurdygyny aýtdy.