-
Eýranda koronawirusy ýokaşanlaryň 71,000 töweregi dikeldi
Apr 27, 2020 11:24Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi yglan etdi: Şu wagta çenli koronawirusa ýokaşan 70,933 adam gowulaşdy we keselhanalardan çykaryldy.
-
Zarif bilen Guterres Ýememen halkyna ynsanperwer kömegini ibermek barada gürrüň etdiler
Apr 26, 2020 12:33Eýranyň Daşary işler ministri we BMG-nyň Baş sekretary Ýemen halkyna ynsanperwer kömegini ibermek üçin Ýemen serhetlerini we portlaryny açmagyň we goramagyň zerurdygyny aýtdylar.
-
Eýranda koronawirusy ýokaşan 69,000-den gowrak adam gowy boldy
Apr 26, 2020 11:17Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi, ýurtda 90 000-den gowrak adamyň koronawirusa ýokaşandygyny aýtmak bilen şu wagta çenli şolardan 69,657 näsag bejerildi we keselhanalardan çykaryldy diýdi.
-
Musawi:Sionist şäherçeleriň ösdürilmegi asryň söwdasy diýen şum taslamanyň çarçuwasyndadyr
Apr 26, 2020 10:51Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili günbatar kenarda Sionist şäherçeleri ösdürmek we günbatar kenaryň kä sebitlerini 1948-nji ýylda basylyp alynan ülkelere birikdirmek ugurda Sionist režiminiň edýän soňky tagallalary asryň söwdasy diýen şum taslamanyň çarçuwasyndadyr diýip beýan etdi.
-
Ruhani: Ak sebitlerde dini ýerler açylar
Apr 26, 2020 09:36Eýranyň prezidenti, korona keseliniň ýaýramagy esasynda ýurduň dürli sebitleriniň Ak,Sary we Gyzyla bölünmegine ünsi çekip, Ak ýerlerde dini ýerler we mekanlar açylar we juma we jemagat namazlary okalýar diýdi.
-
Ynkylabyň ýokary lideri: Duşmandan gorkmazlyk we oňa garşy berk durmak Gurhanyň buýruklaryndandyr
Apr 26, 2020 08:13Yslam rewolýusiýasynyň baş lideri "duşmandan gorkmazlyk we oňa garşy berk durmak" Gurhanyň möhüm buýruklary hasaplady we şeýle diýdi: "Käbir yslam döwletleriniň şu günki ýagdaýy we zalym güýçler tarapyndan kemsidilmegi Yslamyň duşmanlaryndan gorkmagyň netijesidir".
-
Rabiei: Harby we harby bolmadyk tehnologiki ösüşleri Eýranyň aýrylmaz hukugy
Apr 25, 2020 14:38Eýran hökümetiniň metbugat sekretary, halkara hukugyna we ýurtlaryň arasyndaky häzirki kanunlara laýyklykda harby we harby bolmadyk tehnologiki ösüşlerini Yslam respublikasynyň aýrylmaz we ylalaşyp bolmajak hukugy diýip atlandyrdy.
-
Ruhani: Eýran ABŞ-nyň hereketlerini dykgat bilen gözastyna alyp durandyr
Apr 25, 2020 14:24Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýranyň Amerikalylaryň hereketini dykgat bilen gözastyna alyp durandygyny aýdyp "Eýran sebitde haýsydyr bir dawa ýa-da dartgynlylygyň başyny başlamaz" diýdi.
-
Aýatolla Amininiň dünýäden gaýtmagyndan soň Mertebesi Belent Ýolbaşçynyň ýazan gynanç haty
Apr 25, 2020 14:15Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi, Mujahid we ynkylapçy alym we Hubralar mejlisiniň agzasy Aýatolla Ybraýym Aminiň aradan çykmagy bilen baglanyşykly gynanç hatyny iberdi.
-
Musawi:NUR hemrasy baradaky Britaniýa bilen Fransiýanyň pozisiýalary ABŞ-nyň basyşlary sebäplidir
Apr 25, 2020 05:34Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili anna güni agşam Nur emeli hemrasy baradaky Britaniýa bilen Fransiýanyň pozisiýalaryny ret etmek bilen ony olaryň goşa standartlaryndan we Amerikanyň zor aýtmagyny kabul etmeklerinden göz baş alýandygyny aýtdy.