-
Duşenbe şäherinde türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi
May 10, 2023 05:40Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet saparynyň öňüsyrasynda 2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň mejlisler zalynda Bilelikdäki türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýew we Täjigistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri U.Usmonzoda açdylar.
-
Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň we Täjigistanyň Işewürler geňeşiniň ilkinji mejlisi geçirildi
May 10, 2023 05:382023-nji ýylyň 8-nji maýynda Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Işewürler geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi.
-
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş gününe bagyşlanyp Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
May 09, 2023 13:07Şu gün, 2023-nji ýylyň 9-njy maýynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.
-
Türkmenistanyň Prezidenti Londonda Patyşanyň we Şazenanyň täç geýmek dabarasyna gatnaşdy
May 07, 2023 10:48Britaniýada iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow düýn — saparynyň ikinji gününde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-niň hem-de onuň Şazenan maşgalasynyň täç geýmek dabarasyna gatnaşdy.
-
Aşgabatda Türkmenistan bilen Kataryň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
May 06, 2023 05:122023-nji ýylyň 4-nji maýynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýewiň we Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraihiniň ýolbaşçylyk etmeklerinde iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň wekiliýetleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi.
-
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Baş konsuly öz wezipelerini ýerine ýetirmäge girişdi
May 06, 2023 05:042023-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Baş konsuly (Mary ş.) Abdolmajid Kamju bilen duşuşygy geçirildi.
-
Aşgabadyň Türkmenistan, Eýran, Yrak we Türkiýe arasynda koridor döretmäge synanyşýar
May 04, 2023 04:55Türkmenistanyň prezidenti bu ýurdy Eýrana, Yraga we Türkiýä birikdirmek maksady bilen ulag koridoryny döretmegi meýilleşdirýär.
-
Aşgabadyň himiki önümleriň eksportyny artdyrmaga synanyşýar
May 02, 2023 05:37Türkmenistanyň himiýa önümleriniň eksport mukdary daşary ýurtlarda artýar.
-
Türkmen kompaniýasy Pakistana gaz geçirýär
Apr 30, 2023 07:32Türkmen gazy Owganystanyň üsti bilen Pakistana hususy türkmen kompaniýasy tarapyndan daşalýar.
-
Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa-Hytaý” ministrler duşuşygyna gatnaşdy
Apr 29, 2023 05:332023-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Sian şäherinde “Merkezi Aziýa-Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň dördünji duşuşygynyň işine gatnaşdy.