Eýranda bir million 196 müňden gowrak adam korona keselinden halas boldy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary ýurtda korona wirusy ýokaşan azyndan 1 million 196 müň adamyň dikeldilendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde we Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda “kovid-19” bilen kesellän 6573 täze hassa ýüze çykaryldy, olaryň 650-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara lukmançylyk hyzmatlary edildi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary sözüniň dowamynda ýurtda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sany bir million 404 müň 414 adama ýetdi diýdi.
Lari şeýle-de Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 71 sany Covid -19 hassa adamyň ölendigine yşarat edip, Eýranda bu keselden ölenleriň umumy sanynyň 57807-e ýetendigini aýtdy.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary sözleriniň soňunda şu wagta çenli 1,196,374 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy diýip habar berdi.
Dünýäde korona wirusy ýokaşan adamlaryň sany 102 million 110 adamdan geçdi, şolardan iki million 672 müňsi öldi we 73 milliondan gowrak adam sagaldy.