Zarif: ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmek ABŞ-nyň borjydyr
(last modified Fri, 29 Jan 2021 11:55:46 GMT )
Jan 29, 2021 16:55 Asia/Ashgabat
  • Zarif: ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmek ABŞ-nyň borjydyr

Eýranyň Daşary işler ministri indi ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelip, borçlaryny ýerine ýetirmek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna baglydyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif anna güni Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň düýn ABŞ-nyň ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmegi baradaky sözlerine yşarat edip ýadro şertnamasy ABŞ-nyň hökümeti, Eýran we beýleki bäş ýurt tarapyndan baglaşylan şertnama bolup, uzyn gepleşiklerden soň ähli meselelere garaldy we bu şertnama BMG Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan tassyklandy diýdi.

Zarif sözüniň dowamynda ýadro şertnamasy özara ynamsyzlygyň çäginde ýazylandyr, şonuň üçin bir tarap şertnamany ýerine ýetirmese, beýleki tarap şertnamadaky borçlaryny ýerine ýetirip bilmezligi üçin mehanizmler göz öňünde tutulypdyr diýip yglan etdi.

Eýranyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň ýadro şertnamasyndan çekilmegine yşarat edip Amerikanyň Birleşen Ştatlary diňe bir şertnamadan ýüz öwürmek bilen çäklenmän, eýsem bikanunçylygyň aýdyň mysaly bolan şertnamany ýerine ýetirenlere sanksiýalar we basyş etmek kararyna geldi diýdi.

Zarif şeýle-de, Eýranyň eden hereketleriniň Amerikan tarapynyň hereketleriniň öwezini dolmak baradaky şertnama esaslanandygyny aýtmak bilen Eýranyň hereketleri, Eýranyň ýadro ýaragyny edinmek baradaky tagallalaryny aňlatmaýar we biz ýadro ýaraglarynyň eýeleri tarapyndan gysga wagtda ýok edilmelidigine ynanýarys diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri: Amerikanyň Birleşen Ştatlary öz borçlaryny ýerine ýetiren badyna we Eýran bu borçnamalary ýerine ýetirmegiň peýdasyny gören badyna borçlarymyzy doly ýerine ýetireris we muny Yslam Respublikasynyň ýokary derejesinde Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy yglan etdiler diýip beýan etdi.

Zarif Tähran bilen Ankaranyň arasyndaky gatnaşyklar barada-da hem şeýle diýdi: Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkiýe kyn ýagdaýlarda biri-biri bilen gaty gowy gatnaşykda bolýandyrlar we häzirki wagtda diňe bir Siriýada däl, Kawkaz sebitinde-de hyzmatdaşlyk etmek üçin aýratyn mümkinçiliklerimiz bar.