Zarif: Amerika döwleti ykdysady terrorçylyk syýasatyna täzeden garamalydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10038-zarif_amerika_döwleti_ykdysady_terrorçylyk_syýasatyna_täzeden_garamalydyr
Eýranyň daşary işler ministri ABŞ-nyň täze administrasiýasynyň "ykdysady terrorçylyk" syýasatyna täzeden garamagyna umyt bildirdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 29, 2021 18:32 Asia/Ashgabat
  • Zarif: Amerika döwleti ykdysady terrorçylyk syýasatyna täzeden garamalydyr

Eýranyň daşary işler ministri ABŞ-nyň täze administrasiýasynyň "ykdysady terrorçylyk" syýasatyna täzeden garamagyna umyt bildirdi.

Eýranyň Daşary işler ministri "Muhammet Jawad Zarif" "Russia Today" tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde Jo Baýdenyň döwleti Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky igenşigiň aýyrylmagyna gerek bolýan hereketleri amal ýüzünde başlap biler diýip nygtady.

Zarif şeýle-de Waşingtonyň birtaraplaýyn sanksiýalar baradaky häzirki syýasatynyň  esasan ykdysady söweş we ykdysady terrorçylykdygyna yşarat edip Baýdeniň ABŞ-nyň daşary syýasatyna gaýtadan garamak baradaky karary uzak möhletleýin wadadyr diýip beýan etdi.

Eýranyň Daşary işler ministri bu söhbetdeşlikde şeýle-de ABŞ-nyň täze administrasiýasynyň Tähran bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary "dogry tarapa" alyp barmagyny umyt etdi.

Zarif sözüniňdowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2015-nji ýyldaky ýadro şertnamasy boýunça öz borçnamalaryny ýerine ýetirmese, Ak tamyň içinde kimiň ýerleşýändigi Eýrana ähmiýeti ýokdyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de ýadro şertnamasyndan çykmak karary Waşingtona ters netije berendigine yşarat edip ABŞ ýadro ylalaşygyndan birtaraplaýyn yza çekilenden soň, Eýranyň baýlaşdyrylan uran ätiýaçlyklary 300-den 4000 kg-a çenli ýokarlandy diýip beýan etdi.