Yslam ynkylabynyň belent mertebeli ýolbaşçysynyň beýanaty;
Yslam ynkylabynyň belent mertebeli ýolbaşçysynyň beýanaty; Amerikalylaryň we Ýewropalylaryň Eýrana hiç bir şert goýmaga hukugy ýokdyr .
Yslam ynkylabynyň belent mertebeli ýolbaşçysy "Amerikalylaryň we Ýewropalylaryň öz borçlaryny bozandyklary üçin şert döretmäge hukugy ýok, jedel etmeli ýurt bolsa borçnamalaryny ýerine ýetirendigi üçin Yslam respublikasydyr diýip nygtadylar".
Ynkylabyň ýokary lideri we Eýranyň ýragly güýçleriň baş serkerdesi Hz .Aýatolla Hameneý, şu gün irden (ýekşenbe) Howa güýçleri we howa goranmak serkerdeleri bilen toparlaýyn duşuşygynda, olaryň ýoldaşlarynyň Hz.Ymam Homeýni(ra)-e taryhy wepalylygynyň ýyl dönüminde ,Amerikalylar, Ilki başda gaty gysga wagtyň içinde käbir sanksiýalary wagtlaýyn ýatyrandyklary , ýöne soňra sanksiýalary dikeltendikleri we hatda köpeldendikleri üçin, şert goýmaga hukugynyň ýokdugyny aýtdylar.
2018-nji ýylyň 8-nji maýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary birtaraplaýyn tertipde Barjamdan yza çekildi we Barjam döwründe ýatyrylan sanksiýalary gaýtadan girizdi we täze we galp ýazgylar bilen Eýrana täze sanksiýalar girizdi.
Trump preziden bolmagy bilen, Ýadro ylalaşygy terk edip "iň ýokary basyş kampaniýasy" syýasatyny alyp barmak bilen, Eýrany "has gowy ylalaşyk" gazanmak üçin gepleşik stoluna gelmäge yrjakdygyny aýtdy.
Yslam ynkylabynyň belent mertebeli ýolbaşçylarynyň belleýşi ýaly; Iň ýokary basyşy ulanmak öňki şowsuz syýasatlaryň gaýtalanmagydyr, şonda bu şowsuzlyklaryň has köp ölçegleri görnüp başlady. Rewolýusiýanyň ýolbaşçysynyň bu meselede aýdan sözleri, Eýran halkynyň goranmakdan syýasy garaşsyzlyga we ylmy mümkinçiliklere çenli ähli ugurlardaky abraýyny ykrar etmek we duşmanyň basyşlaryna we howplaryna garşy agzybirligi we bitewiligi saklamak üçin möhüm strategiki nokatlary öz içine alýar.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, ABŞ-nyň ýalňyş hasaplamalarynyň başga bir mysaly hökmünde Eýrany agdarmaga gönükdirilen görlüp-eşidilmedik sanksiýalara salgylandy we şeýle diýdi: "Birinji derejeli samsyklaryň biri iki ýyl ozal Tähranda 2019-njy ýylyň ýanwaryny bellejekdigimizi aýtdy. Indi ol adam taryhyň tozanyna girdi we başlygy dawa bilen Ak tamdan kowuldy, ýöne Eýran Yslam Respublikasy Hudaýa şükür dowamly dur diýdiler.
Yslam ynkylabynyň belent mertebeli ýolbaşçysynyň aýdyşy ýaly; ABŞ, sanksiýalary dilden ýa-da kagyzdan däl-de, iş ýüzünde ýatyranda we sanksiýalaryň ýatyrylmagy Eýran tarapyndan tassyklananda, Eýran öz borçnamalaryna gaýdyp geler. Bu Yslam respublikasynyň kesgitli we yzyna dolanyp bolmajak syýasaty we ähli wezipeli adamlaryň umumy kesgitlemesi, hiç kim ondan ýüz öwürmez diýdiler.