Agzibirligiň nyşany bolan Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň 42 ýyllygynyň dabarasy
Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň 42 ýyllygynyň dabarasy Eýran halkynyň duşmanlara garşy agzybirligini we ýumşak güýjüni görkezýär.
Eýranyň Yslam Rewolýusiýasy, 1979-njy ýylyň 11-nji fewraly Hz.Ymam Homeýni (ra)baştutanlygynda ýeňiş gazandy.
Yslam Eýranyň hemme ýerinde onuň halky her ýyl rewolýusiýanyň ideallary bilen ähit we peýman baglamak üçin şöhratly ýörişe gatnaşýarlar we Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri bilen şertnamany baglaşýarlar.
Emma, şu ýyl rewolýusiýa, koronawirusyň ýaýramagy sebäpli saglyk görkezmelerini ýerine ýetirmek üçin ýol ýörişi Başgaça geçirilýär, ýöne bu başgaça simbolik dabara rewolýusiýanyň janlylygyny we gymmatyň dowamyny görkezýär.
Yslam ynkylabyndaky ýeňiş, Eýran halkynyň ykbalynda uly üýtgeşmelere we pikirleriň döremegine sebäp boldy.Täze ynkylap, halklaryň ulgama garşy göreşindäki ylahy gymmatlyklara esaslandy.
Yslam ynkylaby; Eýran halkyny weýran ediji taryhy garaşlylykdan we güýçleriň kemsidiji agalygyndan aman saklady.Ynkylap , ähli ugurlarda garaşsyzlyk, mertebe we ösüş getirdi. Eýranyň Yslam Rewolýusiýasy dünýäniň ezilen halklaryna-da uly täsir etdi.
Yslam oýanmagynyň derejesinde uly üýtgeşmelere we ABŞ-a we Ysraýyla garşy garşylyk frontunyň döremegine sebäp boldy. Rewolýusiýanyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi;Iň soňky pygamber Hezreti Muhammet Mustafanyň (saw) we Ymam Ja'faryň dünýä inmeginiň ýyl dönüminde,Eýranyň yslam ulgamy syýasatyň ABŞ-e boýun egmezligini aýtdy,şonuň üçin hem ABŞ , Eýrany duşman bilýär diýdiler.
Ynkylap lideri, Yslam respublikasynyň abraý ýolunyň dowam etmegine ünsi çekip: ezijileriň pikiriçe, Eýranyň adaty bir ýurt bolmagyny, ýagny özleriniň astynda bolmagyny isleýärler diýip nygtadylar, emma Yslam Respublikasy dörän gününden başlap agalyk ulgamyna garşy çykýär we Mundan beýläk dünýäni ezýänlere garşy durmagy dowam etdirer diýip aýtdylar".
Agalyk ulgamyna garşylygy Eýran Yslam Respublikasynyň mertebesiniň we abraýynyň ýüze çykmalarynyň birine öwrüldi.
Eýran yslam ynkylaby ähli howplara we sanksiýalara garamazdan, basyşlara garşy durdy we ýouny berk dowam etdirýär.