Eýran-Russiýanyň harby deňiz maşky
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10328-eýran_russiýanyň_harby_deňiz_maşky
Eýran-Russiýanyň harby deňiz maşky ,Sebitdäki parahatçylygy, dostlugy we howpsuzlygy güýçlendirmekdir.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Feb 17, 2021 15:59 Asia/Ashgabat
  • Eýran-Russiýanyň harby deňiz maşky

Eýran-Russiýanyň harby deňiz maşky ,Sebitdäki parahatçylygy, dostlugy we howpsuzlygy güýçlendirmekdir.

Eýran-Russiýanyň “Deňiz howpsuzlygy guşagy 2021 “birleşdirilen 2 günlik türgenleşik  sişenbe Demirgazyk Hindi ummanynda we Oman deňzinde başlandy.

Deňiz türgenleşiginiň birinji tapgyrynda, "FOTOEX" operasiýasy ady bilen sebitdäki howplara laýyklykda türgenleşige gatnaşýan bölümleri düzmek ýaly harby maşklar geçirildi.

Bu maşk iki gün dowam eder, ýöne haýsy maksatlar bilen geçirilýär we ähmiýeti näme?

Hindi ummanyndaky gämi gatnaw liniýalarynyň doly howpsuzlygy dünýä arenasynda ykdysady bähbitleriň saklanmagyny kepillendirýär. Bu kontekstde "Deňiz söwdasynyň howpsuzlygy üçin deňizde köpçülikleýin hyzmatdaşlyk" şygary bilen geçirilýän Eýran-Russiýanyň  kombinirlenen deňiz howpsuzlygy guşak 2021 türgenleşiginiň ähmiýetine-de baha berilýär.

"IranPress" bilen geçirilen ýörite söhbetdeşlikde, maşkyň metbugat sekretary Ikinji admiral Amir Golamreza Tahani: "Eýran-Russiýanyň  Deňiz howpsuzlygy guşak birleşdirilen maşkyň maksatlary halas ediş we kömek pudaklarynda howpsuzlygy üpjün etmek, başarnyklary geçirmek we görkezmekdir diýdi.

Beýleki ýurtlar bilen bilelikdäki türgenleşikleri geçirmek Eýranyň sebitdäki parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek strategiýalarynyň biridir. Bu meselede Eýran ,Oman deňzinde we Hindi ummanynda birnäçe türgenleşik geçirdi.

Syýasy analitik Ali Ismaili Ardakani bu hyzmatdaşlyk barada şeýle diýýär:

"Eýran bilen Russiýanyň, birek-birege kömek etmek bilen, ykdysady, syýasy we harby hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly Waşingtonyň maksatlaryna ýetip biljekdigine ynanýarlar, şol bir wagtyň özünde ABŞ-nyň syýasy, howpsuzlyk we ykdysady agressiýasyna garşy göreşmek ýol açyp biler diýip nygtady."  

Eýran Yslam Respublikasy birtaraplaýynlyga garşy çykýar. Şoňa laýyklykda Eýranyň sebitdäki howpsuzlyk syýasaty köpçülikleýin howpsuzlyk doktrinasyna ünsi çekýär. Eýranyň sebit ýurtlaryna hödürlän "Hormoz Parahatçylyk Başlangyjy" ideýasy şu ýörelgä esaslanýar .

Şonuň üçin bu maşkyň geçirilmeginiň ähmiýetini iki tarapdan belläp bolar:

Birinji tarap; Sebit hyzmatdaşlygy bilen onuň howpsuzlygyň üpjün bolmagydyr. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň dekabrynda Çabaharyň Şahid Beheşti portunda Eýranyň, Russiýanyň we Hytaýyň bilelikdäki deňiz türgenleşigi geçirildi.

Bu maşklary geçirmegiň ähmiýetiniň ikinji tarapy; Goranyş we öňüni alyş taýýarlygyny gowulandyrmak, deňiz söwda howpsuzlygyna gönüden-göni abanýan howplara garşy taktiki we hüjüm ediji amallary öz içine alýar.