Ruhani: Eýran milleti hakynda Amerikanyň jan köýdürmäge haky ýokdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i1041-ruhani_eýran_milleti_hakynda_amerikanyň_jan_köýdürmäge_haky_ýokdyr
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani näçe aý mundan ozal Eýran milletini terrorçy hasaplan Amerikanyň prezidenti Eýran milleti hakynda Amerikanyň jan köýdürmäge haky ýokdyr diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 01, 2018 08:19 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýran milleti hakynda Amerikanyň jan köýdürmäge haky ýokdyr
    Ruhani: Eýran milleti hakynda Amerikanyň jan köýdürmäge haky ýokdyr

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani näçe aý mundan ozal Eýran milletini terrorçy hasaplan Amerikanyň prezidenti Eýran milleti hakynda Amerikanyň jan köýdürmäge haky ýokdyr diýip nygtady.

ýekşenbe güni ikindin prezident Hasan Ruhani döwlet toparynyň maslahatynda beren gürrüňlerinde Eýranyň dürli künjeklerindäki käbir nägileliklere yşarat edip Eýran milleti başkanun we raýatlyk haky esasynda tankytlaryny we nägileliklerini bildirmegi başarýandyrlar diýdi.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani sözüniň dowamynda ýurduň degişli we jogapkär edaralary ilatyň känuny tankytlaryna we nägileliklerine mümkinçilik döretmelidirler emma şol bilen bir wagtda yslam ynkylabynyň hossarlaryna we ilatyň ýaşaýşyna we howpsuzlygyna kynçylyk döretmekden saklanmalydyr diýip nygtady.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani duşmanlaryň Eýrana garşy amala aşyrýan mekirli hileleri barada açyklama berip Eýran milleti mydama ýurduň, sebitiň we bütindünýäniň ýagdaýyny gowy düşünendirler we milli bähbitler esasynda tutum tutandyrlar diýip beýan etdi.

sebitiň käbir arap ýurtlary hiç haçanda Eýran milleti bilen gowy gatnaşyklary bolan däldir we durmuşda olar Eýrandaky ýagdaý babatly hoşallyk bildirýändirler diýip nygtady.

Ruhani şeýle-de Eýranyň döwleti umumy döwlet hyzmatlaryna  ýada durmuş kadalaryna garşy hereket edýän adamlary we toparlary çydamaz diýip sözüne goşdy.

geçen 3 güniň boýunda maliýe organlardan pullaryny alyp bilmedik adamlar we bahaçylyga nägile bolan adamlar Eýranyň kwbir şäherlerinde   ýygnanyşyp şygar aýtdylar we olaryň käbirinde gozgalaňçylar baş bozarlyk etdiler.