Ruhani: Duşman Eýrana garşy ykdysady söweşde ýeňildi
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti sanksiýalaryň netijesizligini, duşmanyň Eýran halkyna garşy ykdysady söweşde ýeňilmeginiň alamaty hasaplady.
IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani sişenbe güni döwletiň ykdysady utgaşdyryş merkeziniň 206-njy mejlisinde Günorta Koreýa, Ýaponiýa, Yrak we Oman bilen Eýranyň walýutasynyň boşadylmagy baradaky şertnamany habar bermek bilen halkyň duşmanyň doly söweşine garşy iň ýokary garşylygy netije berdi diýip yglan etdi.
Ruhani, ýeňillikli söwda şertnamasy ýerine ýetirilenden soň Eýranyň Ýewraziýa sebitine eksportynyň 30% ýokarlandygyny aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasy bu maksada ýetmek üçin elmydama parahatçylykly diplomatik çäreleri ulandy we Ýsewraziýa Bileleşigi bilen artykmaç söwda şertnamasy soňky ýyllarda halkara söwdasy pudagynda iň peýdaly we täsirli çäreleriň biri boldy diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: "Yslam respublikasynyň dowamly parahatçylygy we howpsuzlygy ösdürmekdäki pozisiýalaryny göz öňünde tutup, Ýewraziýa amatly şert bolup, onuň miweleri diňe bir Eýranyň peýdasyna däl, eýsem ähli sebit we goňşy ýurtlaryň hem peýdasyna açyldy diýip beýan etdi.