Eýranda korona iň soňky ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10486-eýranda_korona_iň_soňky_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary soňky 24 sagatda korona keseli bilen kesellän 93 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirus arkaly ölenleriniň sany 60,073 adama ýetdi diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 28, 2021 13:03 Asia/Ashgabat
  • Eýranda korona iň soňky ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary soňky 24 sagatda korona keseli bilen kesellän 93 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirus arkaly ölenleriniň sany 60,073 adama ýetdi diýdi.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, "Sima Sadat Lari" ýekşenbe güni ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde geçen 24 sagatyň dowamynda kesgitleýji ölçeglere görä, kovid-19 keseliniň 8 müň 10 adamy hassaladandygyny aýtmak bilen şolardan 494 adamyň keselhanada ýerleşdirlendigini habar berdi.

Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de kovid-19 hassalarynyň umumy sany bir million 631 müň 169 adama ýetdi diýip yglan etdi.

Larri sözüniň dowamynda şu wagta çenli Eýranda 1,393,125 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan boşadyldy diýip beýan etdi.

Resmi maglumatlara görä, koronawirusy dünýäde 114 milliondan gowrak adama ýokaşdy we bu keselden 2 million 538-dan gowrak adam öldi.