Eýranyň, mümkin boljak karar barada Halkara Atom Energiýasy Guramasyna ýazmaça duýduryşy
Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy, Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Dolandyryjylar Geňeşinde Eýrana garşy karar çykarylsa, degişli çäre görjekdigimizi duýdurdy.
Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy Ali Akbar Salehi şu gün, ýekşenbe güni parlamentiň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň mejlisiniň çäginde beren gürrüňlerinde Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň (IAEA) Dolandyryjylar Geňeşi Eýrana goşmaça teswirnamany ýatyrmak barada karar çykarsa, Eýran degişli we mynasip jogap berer diýdi.
Salehi sözüniň dowamynda şeýle-de bu mesele bilen baglanyşykly agentlige hat hem iberildi diýip yglan etdi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (2018-nji ýylyň 8-nji maýy) ýadro şertnamasyndan birtaraplaýyn we bikanun çykarylmagyndan soň, Eýran şertnamanyň beýleki taraplarynyň borçlaryny ýerine ýetirmegi şerti bilen ýadro şertnamasyny saklamaga synanyşdy, ýöne ýewropalylar şertnamany saklamak baradaky wadalarynda iş ýüzünde üstünlik gazanyp bilmediler.
Eýranyň mejlisi hem sanksiýalary ýatyrýan kanun kabul etdi we döwletden ABŞ-nyň sanksiýalary dowam etse Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen hyzmatdaşlygy çäklendirmegi we borçnamalaryny azaltmak üçin çäreleri görmegi talap etdi.