Ruhani: Yrakda agzybirligiň we parahatçylygyň we howpsuzlygyň Eýranyň çynlakaý üns berýän meselesidir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10582-ruhani_yrakda_agzybirligiň_we_parahatçylygyň_we_howpsuzlygyň_eýranyň_çynlakaý_üns_berýän_meselesidir
Yragyň premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň prezidenti bu ýurtda howpsuzlygyň, agzybirligiň we parahatçylygyň Eýran üçin çynlakaý alada we ähmiýetlidigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 06, 2021 18:57 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Yrakda agzybirligiň we parahatçylygyň we howpsuzlygyň Eýranyň çynlakaý üns berýän meselesidir

Yragyň premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň prezidenti bu ýurtda howpsuzlygyň, agzybirligiň we parahatçylygyň Eýran üçin çynlakaý alada we ähmiýetlidigini aýtdy.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani şenbe güni Yragyň premýer-ministri Mustafa al-Kazemi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde: Yragyň içerki işlerine islendik daşary ýurt gatyşmagyna garşy çykýarys we bu ýurda we tutuş sebite zyýanly hasaplaýarys diýdi.

Ruhani sözüniň dowamynda syýasy gatnaşyklar bilen birlikde ykdysady gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmak möhüm ähmiýete eýe we telekeçiler we hususy maýa goýum kompaniýalary üçin iş wizasynyň berilmegi Eýran-Yrak gatnaşyklaryny ösdürmäge kömek edip biler diýip nygtady.

Şeýle hem Eýranyň prezidenti, Yrak banklarynda milliardlarça dollarlyk Eýranyň walýutasynyň petiklenendigini aýtmak bilen Yrak resmileriniň birnäçe gezek beren wadalaryna garamazdan Eýranyň çeşmeleri azat bolan däldirler diýmek bilen Eýranyň Yrakdaky walýuta çeşmelerini derrew boşatmagyň zerurdygyny aýtdy.

Ruhani sözüniň dowamynda şeýle-de Amerikalylar sebitde elmydama weýran ediji rol oýnadylar oňa görä Yrak parlamentiniň Amerikan goşunlaryny ýurtdan çykarmak baradaky kararynyň ýerine ýetirilişini çaltlaşdyrmak bu ýurtda we sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we asudalygy üpjün edip biler diýdi.

Yragyň premýer-ministri hem Eýrany Yragyň dosty we hoşniýetli goňşusy hökmünde agzady we iki ýurduň demir ýollarynyň baglanyşygyny Bagdat bilen Tähranyň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ädim diýip atlandyrdy.

Al-Kazemi, Eýrana Yraga howpsuzlygy we durnuklylygy getirmäge kömek edenligi üçin minnetdarlygyny bildirip ABŞ-nyň Eýrana garşy sanksiýalaryny bikanun we eziji diýip atlandyrdy.