Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary geçen 24 sagatyň dowamynda koronawirusdan 53 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusyň ölenleriniň sany 61,069 adama ýetdi diýdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary Sima Sadat Lari ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde geçen 24 sagatyň dowamynda kesgitleýji ölçeglere görä, kovid-19 keseliniň 8 müň 88 adamy hassaladandygyny aýtmak bilen şolardan 593 adamyň keselhanalarda ýerleşdirlendigini habar berdi.bu hasap bilen ýurtda kovid-19 hassasynyň umumy sany 1,731,558-e ýetdi diýip yglan etdi.
Larri sözüniň dowamynda şu wagta çenli 1,547,588 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip yglan etdi.
Resmi maglumatlara görä, koronawirus dünýäde 119 milliondan gowrak adama ýokaşdy we bu keselden 2,643 milliondan gowrak adam öldi.