Sardar Gaani: Amerikanyň süňkleriniň döwülmeginiň sesi wagtynda eşidiler
Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaranynyň Kuds güýçleriniň serkerdesi Amerikanyň süňkleriniň döwülmeginiň sesi wagtynda eşidiler diýdi.
Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaranynyň Kuds güýçleriniň serkerdesi Sardar Ismail Gaani, Yragyň Eýrana garşy söweşleri wagtynda "Haýber we Badr operasiýalarynda şehitlerini hatyralamak dabarasynda" eden çykyşynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň general Haj Gassem Soleýmanyny terror etmek bilen özüniň jenaýatçydygyny düýä subut edendigini belläp, Jenaýatçy Amerikanyň süňklerini döweris we döwmegiň sesi wagtynda eşidiler diýdi.
Sardar Gaani Ymam Homeýni(ra) hezretleriň mekdebiniň okuw üçin iň gowy uniwersitetdigini we düýnki mukaddes goranyşyň şehitleri we söweşijileri we şu günki jihadi direktorlary bu uniwersitetiň talyplarydygyny aýdyp häzirki wagtda Ymam Homeýni(ra) hezretleriň mekdebiniň mugallymlarynyň gözegçiliginde dünýädäki çydam güýçleriniň dişlerine çenli ýaraglanan ezijilere garşy boş elleri bilen göreşi ajaýyp we öwgä mynasypdyr diýip nygtady.
Yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaranynyň Kuds güýçleriniň serkerdesi şeýle-de buýsançly Palestina we Ýemeniň çydam güýçleri boş elleri bilen raketalar gurýarlar we Sionist režimidir Saud Arabystanyň režimini nyşana alýarlar, Ymam Homeýni(ra) hezretleriniň mekdebiniň yzyna eýerijiler we Yslam Rewolýusiýasynyň şehitleridirler diýdi.