Amir Abdollahian: Eýranyň kuwwatly milleti bilen mantyga laýyk gürleşmelidir
Eýranyň mejlis başlygynyň Halkara gatnaşyklar boýunça ýörite kömekçisi Eýranyň beýik we kuwwatly halky bilen mantyga laýyk gürleşmelidir diýdi.
Fars habar gullugynyň anna güni beren habaryna görä, Eýranyň mejlisiniň başlygynyň halkara gatnaşyklary boýunça ýörite kömekçisi "Huseýin Amir Abdollahian" twitde Baýden taryhdan pend alsyn diýmek bilen Eýranyň beýik we kuwwatly milleti bilen güýç logikasy bilen däl-de, eýsem logika güýji bilen gürleşmelidir diýdi.
Amir Abdollahian sözüniň dowamynda şübhesiz, zor we howpyň astynda ABŞ bilen hiç haçan gepleşik geçirmeris diýdi.
Eýranyň mejlis başlygynyň Halkara gatnaşyklar boýunça ýörite kömekçisi şeýle-de Ak tam ilki bilen iki topara bölünen öz halky bilen gepleşiklere ünsi jemlemelidir diýmek bilen; Eýran Yslam Respublikasyna garşy sanksiýalar soňky demini alýar diýip beýan etdi.