Ruhani:duşmanlar Eýranyň gazanan üstünliklerinden gahardadyr
Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani ykdysady,syýasy we sebitara meseleler hakdaky Eýranyň gazanan üstünlikleri we el-geren ösüşleri duşmanlary gazaba çykarandyr diýdi.
şu gün Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani Yslam Şura mejlisiniň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň başlyklary bilen geçiren maslahatynda soňky günlerde Eýranyň käbir şäherlerinde we sebitlerinde ýüze çykan nägileliklere we üýşmeleňlere yşarat edip ilatyň tankydy we nägilelikleri wehim dälde eýsem bir pursatdyr diýip nygtady.
käbir maliýe urganlardan pullaryny alyp bilmedikler hemde bahaçylyga we döwletiň gözegçilik işlerine nägile adamlar köçelere dökülip şygar aýtdylar şu arada käbir gozgalaňçylar başbozarlyk edip bu ýörişleri jenjele tarap iterjek boldylar.
Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani dünýäde Eýran milletiniň syýasy ýeňişi şol sanda ýadro ylalaşygy,terrorizme garşy göreşmek ugurdaky üstünligi şeýle-de Amerikanyň Eýrana garşy syýasatlarynyň şowsuzlyga uçramagy Amerika we sebitiň basyp alyjy režimleriniň Eýrana garşy duşmanlyklarynyň asly delillerindendir diýip beýan etdi.