Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ýylyň şygaryny ýerine ýetirmek ugrunda döwletiň tagalla etjekdigini nygtady
(last modified Mon, 22 Mar 2021 16:51:48 GMT )
Mar 22, 2021 21:51 Asia/Ashgabat
  • Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ýylyň şygaryny ýerine ýetirmek ugrunda döwletiň tagalla etjekdigini nygtady

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti önümçiligi goldamakda we önümçiligiň päsgelçiliklerini aýyrmakda şeýle-de durnukly iş pursatlaryny döretmekde döwletiň ähli tagallalaryny etjekdigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani, 1400-nji ýylyň Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy tarapyndan "Önümçilik, goldaw, päsgelçilik" diýlip atlandyrylmagyna yşarat edip döwlet hususy pudagy, esasanam telekeçileriň we maýadarlaryň işlerini has aňsatlaşdyrmak bilen ýurtda has durnukly iş orunlaryny döreder diýdi.

Ruhani sözüniň dowamynda üç ýyl Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy tarapyndan önüm hökmünde atlandyrylmagyna we bu meseläniň ähmiýetine yşarat edip, Iş bilen üpjün etmek jemgyýetiň we halkyň durmuşynyň möhüm we wajyp meselesidir we hökümet iş mümkinçiligini üpjün etmegi öz borjy hasaplaýar diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de önümçiligiň ösmegi bilen birlikde önümçiligiň şygary bolan ýylda iş üpjünçiligi hem ösdürilmelidir diýdi we bu korona ýagdaýda  alternatiw iş üçin meýilleşdirilmelidir diýdi.