Ruhani: Önümçiligi goldamak we päsgelçilikleri aýyrmak döwletiň möhüm maksadydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, döwletiň möhüm maksadynyň Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň önümçiligi goldamak we päsgelçilikleri aýyrmak baradaky şygaryny ýerine ýetirmek boljakdygyny aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni 1400-nji ýylda ministrleriň ilkinji mejlisinde iş pursatlaryň döredilmegi we harytlaryň bahalarynyň deňagramly bolmak üçin milli walýutanyň gymmatynyň ýokarlanmagy we önümçiligiň peselmezligi üçin önümçilik meselesine gaty üns bermelidiris diýdi.
Eýranyň prezidenti sözüniň dowamynda Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideriniň belleýşi ýaly, şu ýyl hem önümçilige goldaw bermäge, hem päsgelçilikleri aýyrmaga üns bermelidiris.
Eýranyň prezidenti şeýle hem garşydaş taraplaryň hemmesi (1 + 5) meýdana gelip, borçlaryny ýerine ýetirmek kararyna gelse we Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, sanksiýalary hakykatdanam ýatyrandyklary belli bolsa, Eýran hem borçnamalaryna gaýdyp geler diýip beýan etdi.
Ruhani şeýle-de Eýrana ýetirilen zyýanlar barada ýurduň resmileri wagtynda gözegçilik ederler diýip sözlerine goşdy.
Eýranyň prezidenti şeýle hem Tehnologiýa we innowasiýa pudagynda ýurtda gaty gowy hereketler başlandy we bilime esaslanýan kompaniýalar saglyk pudagynda özgerişleri döretdiler diýip mälim etdi.