Eýranda iň soňky korona statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 81 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 62 müň 223-e ýetdi diýdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" anna güni ýurtda korona näsaglarynyň we pidalaryň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde soňky 24 sagadyň dowamynda diagnostika ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 keseli 7,980 täze hassanyň tapylandygyny yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de ýurtda kovid-19 hassalarynyň umumy sanynyň 1 million 838 müň 803 adama ýetendigini aýtdy.
Lari sözüniň dowamynda şu wagta çenli 1 million 577 müň 408 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip yglan etdi.