Mar 26, 2021 16:54 Asia/Ashgabat
  • Ykdysady terrorçylyk ýurtlaryň dewa-dermana we lukmançylyk enjamlaryna elýeterliliginiň öňüne geçýär

Eýranyň Mejlisiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Komissiýasynyň metbugat sekretary ykdysady terrorçylygyň ýurtlaryň dewa-dermana we lukmançylyk enjamlaryna elýeterliliginiň öňüni alýandygyny aýtdy.

Eýranyň Mejlisiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Komissiýasynyň metbugat sekretary Abolfazl Amoui Ykdysady terrorçylyk, nyşana alynan ýurtlary koronawirusa garşy göreşmek üçin zerur dermanlara, hyzmatlara we lukmançylyk enjamlaryna elýeterlilikden mahrum edýär diýip nygtady.

Amoui penşenbe güni Terrorçylyga garşy göreş we sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek boýunça Aziýa ýurtlaryň mejlis başlyklarynyň  4-nji maslahatynda beren gürrüňlerinde kovid-19 keseliň ýaýramagyndan soň, Eýran Yslam Respublikasynyň döwletiniň epidemiýa gözegçilik etmek üçin ähli tagallalaryny edendir diýdi.

Eýranyň bu mejlis agzasy şeýle-de  kovid-19 sanjymyny işläp düzmekde işleýän meşhur Eýranly alym Mohsen Fahrizadehiň ýaňy-ýakynda agyr terrorçylykly hüjümde şehit bolandygyny aýtdy.

Eýranyň Mejlisiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Komissiýasynyň metbugat sekretary şeýle-de köp ýurt bu gorkak terrorçylyk hereketini bikanun we erbet hereket hasaplamak bilen halkara we sebitleýin parahatçylyga we howpsuzlyga howp salýandygy üçin berk ýazgarylandygyny aýtdy.

Amoui sözüniň ahyrynda, Fahrizadeniň Eýran Yslam Respublikasyndaky köp parahatçylykly ýadro we lukmançylyk işlerinde möhüm rol oýnandygyny aýtdy.

Tags