Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10902-eýranda_koronanyň_iň_soňky_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary: Soňky 24 sagadyň dowamynda korona keselli 89 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriniň sany 62,397-e ýetdi diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 28, 2021 11:33 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary: Soňky 24 sagadyň dowamynda korona keselli 89 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriniň sany 62,397-e ýetdi diýdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" ýekşenbe güni ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde geçen 24 sagadyň dowamynda kesgitli anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 bilen kesellän 8,751 täze hassa tanaldy diýdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de ýurtda kovid-19 näsaglarynyň umumy sany 1,855.674-e ýetdi diýip yglan etdi.

Lari sözüniň dowamynda şu wagta çenli 1,593.219 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip beýan etdi.