Zarif Täjigistanyň prezidenti bilen duşuşdy
Eýranyň Daşary işler ministri Täjigistanyň prezidenti bilen duşuşyp, gyzyklanýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, "Aziýanyň ýüregi - Stambul prosesi" konferensiýasyna gatnaşmak üçin Täjigistanda bolan Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda ykdysady meseleler, söwda, energetika, senagat, ulag, ylym we medeniýet ýaly dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy we Bilelikdäki Hyzmatdaşlyk Komissiýasynyň rolunyň ähmiýeti nygtaldy.
Terrorçylyga we ekstremizme, neşe gaçakçylygyna we beýleki serhetara guramaçylykly jenaýatlara garşy göreşde bilelikdäki hyzmatdaşlyk Duşuşykda gozgalan beýleki meselelerdendi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri ýekşenbe güni agşam Täjigistan hökümet işgärleriniň resmi garşylanmagy bilen paýtagt Duşanbe halkara howa menziline bardy.
Zarif “Aziýanyň ýüregi- Stambul prosesi” konferensiýasyna gatnaşmak üçin şeýle hem Täjigistanly resmiler bilen Eýran bilen Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklar barada gepleşikleri geçirmek üçin iki günlük sapar bilen Täjigistana bardy.
Aziýanyň ýüreginiň 15 agzasy Eýran Yslam Respublikasy, Owganystan, Täjigistan, Päkistan, Hytaý, Orsýet, Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Özbegistan, Türkiýe, Azerbaýjan Respublikasy, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirliklerinden ybaratdyr.
ABŞ, Awstraliýa, Kanada, Daniýa, Müsür, Fransiýa, Finlýandiýa, Germaniýa, Yrak, Italiýa, Ýoniýa, Norwegiýa, Polşa, Ispaniýa, Şwesiýa we Angliýa Aziýanyň ýüregini goldaýarlar.
Aziýanyň ýüregi konferensiýasy 2011-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli Stambul, Kabul, Almaty, Pekin, Yslamabat, Amritsar, Baku we Stambulda geçirildi.