Eýran ABŞ bilen gepleşik geçirmez
Eýran Yslam Respublikasy, ähli sanksiýalar ýatyrylýança ABŞ bilen hiç hili gepleşik geçirmez.
Iran press habar gullugynyň habaryna görä, şu gün (anna) ýadro ylalaşygyň bilelikdäki komissiýasy wirtual ýygnagyndan soň, Eýran Yslam Respublikasy, ähli sanksiýalar ýatyrylýança ABŞ bilen göni ýa-da gytaklaýyn gepleşik geçirmez diýip ýokary derejeli habar çeşmesini yglan etdi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň gepleşik geçirmezden yza çekilişi we Eýrana garşy sanksiýalar girizişi ýaly, indi ähli sanksiýalary gepleşik geçirmezden ýatyrmaly diiýp ýaňky ýokary derejeli habar çeşmesini nygtap geçdi.
ýokarky derejeli habar çeşmesi sözüniňdowamynda Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň 2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda eden çykyşynda aýdyşy ýaly Eýran Yslam Respublikasy diňe ABŞ-nyň ähli sanksiýalary ýatyrylansoň we tassyklanylandan soň öz borçnamalaryna gaýdyp geler diýip yglan etdi.