Eýranda iň soňky korona statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary soňky 24 sagadyň dowamynda korona keselli 123 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriniň sany 62,999 adama ýetdi diýdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün beren gürrüňlerinde geçen 24 sagadyň dowamynda kesgitli anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 bilen kesellän 11,420 täze hassa tanaldy diýmek bilen şolardan bir müň 60 adamyň keselhanalarda ýatyrlandygyny aýtdy.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de ýurtda kovid-19 näsaglarynyň umumy sany 1,920.394-e ýetdi diýip yglan etdi.
Lari sözüniň dowamynda şu wagta çenli 1,642.418 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip beýan etdi.