Ruhani: Eýranyň milli güýji buýsançly we abraýlydyr
(last modified Sat, 03 Apr 2021 11:08:21 GMT )
Apr 03, 2021 16:08 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýranyň milli güýji  buýsançly we abraýlydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Eýranyň milli güýji diýseň möhüm we abraýly güýçdir diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani, şu gün geçiren Korona garşy Milli ştapyň ýygnagynda ähli basgançaklarda we Eýran üçin haýsydyr bir mesele ýüze çykan ýerinde milli güýjümiz örän möhüm we abraýly güýç boldy diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti şeýle-de Eýran halky bilelikde durmak kararyna gelenlerinde, bar güýji we diş-ydyrnaklar bilen problemalara garşy durdular we üstünlik gazandylar we ähli kynçylyklary ýeňip geçdiler diýdi.

prezident Ruhani sözleriniň dowamynda Eýran döwletiniň ileri tutýan meseleleriniň biri korona pandemiýasyna garşy göreşmek we bu wirusa gözegçilik etmek we onuň öňüni almak üçin elimizden gelenini etmekdir diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de geljek dört aýyň dowamynda Eýran hökümeti korona wirusyna garşy göreş, ykdysady sanksiýalaryň şowsuzlygy, halkyň durmuşy we möhüm ykdysady taslamalaryň tamamlanmagy ýaly dört esasy maksady yzarlajakdygyny aýtdy.

Tags