Eýranda iň soňky korona statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary: Soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 258 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 64,490-a ýetdi diýdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" ýekşenbe güni ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 bilen kesellän 21 063 täze hassa tapyldy, şolardan 2780-si keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 2 million 70 müň 141 adama ýetdi diýip beýan etdi.
Lari şeýle-de şu wagta çenli 1,710,974 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy .