Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11152-eýranda_koronanyň_iň_soňky_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary: Soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 291 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 65,055 adama ýetdi diýdi.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Apr 13, 2021 11:34 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary: Soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 291 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 65,055 adama ýetdi diýdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari"şu gün ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 bilen kesellän 24 760 täze hassa tapyldy, şolardan 3132-si keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 2 million 118 müň 212 adama ýetdi diýip beýan etdi.

Lari şeýle-de şu wagta çenli 1,729,293 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.