Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 388 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 67,913 adama ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary merkezi çarşenbe güni bir bildiriş boýunça ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 bilen kesellän 24 müň 886 täze hassa tapyldy, şolardan 3 585-si keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi bu bildirişde şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 2 million 311 müň 813 adama ýetdi diýip habar berdi.
Bu ministrlik şeýle-de şu wagta çenli 1,823,958 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.
Resmi maglumatlara görä, koronawirus dünýäde 143 milliondan gowrak adama ýokaşdy we bu keselden 3 milliondan gowrak adam öldi.