Hatibzadeh: Eýran diňe sanksiýalaryň kagyz ýüzünde ýatyrylmagyny kabul etmeýär
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýran Yslam Respublikasynyň sanksiýalaryň diňe kagyz ýüzünde ýatyrylmagyny kabul etmejekdigini aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh "Klub haws" programmasy boýunça arap dünýäsinden we günbatar ýurtlaryndan gelen daşary ýurtly žurnalistler bilen göni ýaýlymda geçiren söhbetdeşliginde Eýran we 4 + 1, "ygrarlyk garşysynsda ygrarlyk" statusyna ýetmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar diýip yglan etdi.
Çäreleriň tertibi, ähli sanksiýalaryň ýatyrylmagy we fakt tapylmagy ýaly möhüm meseleler boýunça henizem düşünişmezlik bar, ýöne Wenadaky her bir tarap öňegidişlik üçin ýeterlik isleg görkezdi diýip Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh sözüne goşdy.