Aragçi: Eýran ähli sanksiýalary ýatyrmak üçin berk durandyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11320-aragçi_eýran_ähli_sanksiýalary_ýatyrmak_üçin_berk_durandyr
Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Eýranyň ähli sanksiýalary ýatyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 25, 2021 16:49 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Eýran ähli sanksiýalary ýatyrmak üçin berk durandyr

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Eýranyň ähli sanksiýalary ýatyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary "Seýed Abbas Aragçi" ýekşenbe güni Eýran parlamentiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Geňeşiniň mejlisiniň çäginde beren gürrüňlerinde gepleşiklerde kynçylyklar bar, ýöne biz gutaryp boljak ýoldadyrys diýdi.

Aragçi sözüniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň kesgitli pozisiýalary aýdyňdyr diýmek bilen Sanksiýalar ýatyrylmaly, tassyklanmaly we soňra bolsa Eýran borçnamalaryna gaýdyp gelmelidir diýip beýan etdi.

Seýed Abbas Aragçi sözüni dowam etdirip  gepleşikleriň dowamlylygyny takyk çaklamak mümkin däl, ýöne gepleşikleriň uzaga çekmegine ýol bermeris diýdi.

Aragçi şeýle-de garşydaky tarapdan çynlakaýlygyň ýokdugyny duýsak ýa-da wagt ýitirmek isleýändiklerini we gepleşikleri uzaga çekdirmek ugurda tagalla edýändiklerini duýsak hökman ol ýerdäki gepleşikleri bes ederis diýdi.