Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11348-eýranda_koronanyň_iň_soňky_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 462 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 70,532 adama ýetdi diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 27, 2021 10:39 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 462 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 70,532 adama ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary merkezi şu gün bir bildiriş boýunça ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 bilen kesellän 20 müň 963 täze hassa tapyldy, şolardan 3 386-si keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi bu bildirişde şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 2 million 438 müň 193 adama ýetdi diýip habar berdi.

Bu ministrlik şeýle-de şu wagta çenli 1,907,190 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.

Resmi maglumatlara görä, koronawirus dünýäde 148 milliondan gowrak adama ýokaşandyr we 3 million 135 müňden gowrak adam bu keselden ölendir.