Ruhani: Duşmanyň Eýranyň girdejileri baradaky hasaplamagy nädogrydy
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, duşmanyň Eýranyň girdejileri baradaky hasaplamalarynyň nädogrydygyny aýtdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti "Hasan Ruhani" penşenbe güni ýurduň suw pudagynyň dört esasy taslamasyndan peýdalanmak dabarasyndan soň beren gürrüňlerinde Duşman Eýranyň nebithimiýa, polat, gaz we elektrik energiýasyndan alýan girdejisini hasaplamapdy diýdi.
Ruhani sözüniň dowamynda yllar boýy ykdysady söweş alyp bardyk, ýöne başga-da birnäçe girdeji peýda boldy we döwlete kömek etdi diýip nygtady.
Eýranyň prezidenti şeýle hem Nebit-himiýa we polat pudaklary ýüze çykdy, gaz we elektrik eksportynda täze şertlerimiz boldy şeýle hem nebit önümleri pudagynda üstünlik gazandyk Bular duşmanyň hasaplap bilmeýän ýagdaýlarydy diýip beýan etdi.
Ruhani, häzirki wagtda elektrik, suw, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar, nebithimiýa we polat önümçiliginiň ösüşine şaýat bolýandygymyzy we halkyň janaýamazlygyndan başga-da bu ugurda bilimlere esaslanýan kompaniýalaryň hem gatnaşandygyny aýtdy.
26,000 milliard rial maýa goýum bilen dört esasy suw senagaty taslamasyny peýdalanmak dabarasy şu gün, penşenbe güni, Eýranyň prezidenti Hasan Ruhaniniň wideo konferensiýasy bilen açyldy.