Eýranyň gündogar serhetlerinden ýolagçylaryň girmegi gadagan edildi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11398-eýranyň_gündogar_serhetlerinden_ýolagçylaryň_girmegi_gadagan_edildi
Eýranyň gümrük gullugynyň metbugat sekretary Eýranyň gündogar serhetlerinden ýolagçylaryň girmekleri gadagan edildi diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 01, 2021 07:10 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň gündogar serhetlerinden ýolagçylaryň girmegi gadagan edildi

Eýranyň gümrük gullugynyň metbugat sekretary Eýranyň gündogar serhetlerinden ýolagçylaryň girmekleri gadagan edildi diýip yglan etdi.

Eýranyň gümrük gullugynyň metbugat sekretary Seýed Ruhollah Latifi: Päkistanly we owgan syýahatçylarynyň we beýleki raýatlaryň gündogar serhetlerden Eýrana girmegi düýbünden bes edildi diýdi.

Eýranyň gümrük wekili sözüniň dowamynda Päkistan raýatlary Eýranyň Sistan we Bulujystan welaýatynyň Mirjavah we Rimdan serhetlerinden girmekleri we Owganystanly syýahatçylaryň Sistan we Bulujystan welaýatynyň "Miläk" we Günorta Horasan welaýatynyň "Mahirud" serhetlerinden hem-de Horasan Razawi welaýatynyň "Dogarun" serhedinden girmegi gadagan we syýahatçylar diňe öz ýurtlaryna dolanyp bilerler diýdi.

Korona wirusynyň ýaýramagy bilen Eýranyň günbatar we günorta serhetlerinde Eýranyň goňşy ýurtlarynyň raýatlarynyň, şol sanda Yragyň raýatlarynyň hereketine çäklendirmeler girizildi.