Jan 02, 2018 23:58 Asia/Ashgabat
  • Gasemi:Trump Eýranyň içeri işlerine goşulmakdan saklansyn

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Amerikanyň döwlet baş tutany Donald Trumpyň Eýran milletine garşy kemsidiji we göwnedegiji twittlerini tankyt edip gowsy Trump Eýranyň içeri işlerine goşulmakdan saklansyn we gowy hemde edepli gürleşmegi öwrensin diýdi.Amerikanyň prezidenti Donald Trump duşenbe güni özüniň kemsidiji twittleriniň dowamynda Eýran milletini aç diýip yglan etdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi şu gün Eýranlylara garşy Trumpyň  bu hilli twittleriniň jogabynda Trumpyň Eýran milletine garşy çapraz gürrüňleri we pozisiýalary täze mesele däldir diýdi.

Trump soňky wagtlarda Eýran halkyny terrorist atlandyryp hemde Pars Aýlagyň ýerine ýasama ady diline getirip Eýran milletiniň ýüregini agyrtmakdan aýry dünýäň boýdan başynda olaryň gaharyny getirendir diýip Gasemi sözüne goşdy.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili sözüniň dowamynda Trump başga milletleriň we ýurtlaryň tersine kemsidiji twittlary ýazmagyň deregine gowsy öz ýurdynyň içerki meselelerine şol sanda millionlarça öýsizleriň we açlaryň ýagdaýna ýetişsin diýip beýan etdi.

Tags