Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 349 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 73,568 adama ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary merkezi şu gün bir bildiriş boýunça ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 bilen kesellän 15 müň 872 täze hassa tapyldy, şolardan 2 müň 449-si keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi bu bildirişde şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 2 million 591 müň 609 adama ýetdi diýip habar berdi.
Bu ministrlik şeýle-de şu wagta çenli 2,039,427 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.
Resmi maglumatlara görä, koronawirus dünýäde 155 milliondan gowrak adama ýokaşandyr we 3 million 242 müňden gowrak adam bu keselden ölendir.