Ruhani: Yrakdaky howpsuzlyk we durnuklylyk; Eýranyň howpsuzlygydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Yrakdaky howpsuzlygy we durnuklylygy Eýranyň howpsuzlygy diýip atlandyrdy we takfiri we terrorçy toparlaryň hereketlerine garşy durmak üçin iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy nygtady.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani, duşenbe güni Yragyň premýer-ministri Mustafa Al-Kazemi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Oraza baýramy bu ýurduň döwletine we halkyna gutlamak bilen terrorçy DAEŞ topary sebitde möhüm howp bolup durýandyr we bu terrorçy topara garşy durmak üçin iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk zerurdyr diýdi.
Ruhani, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň terrorçylyga garşy göreşde goşa rolunyň bardygyny we olaryň Yrak-Siriýa serhedindäki hereketleriniň düşnüksizdigini aýtmak bilen Amerikalylar sebitde elmydama weýran ediji rol oýnadylar we olaryň Yrakda bolmagy bu ýurduň durnuklylygyna we howpsuzlygyna kömek etmez diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Palestina barada we Sionist režimiň soňky jenaýatlaryny ýazgarmakda Yragyň pozisiýasyny garşy alyp: Arap Bileleşigindäki mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, Yragyň Palestina meselesinde has işjeň bolmagy üçin işlemegine garaşýarys diýip beýan etdi.
Ruhani, şeýle hem dürli syýasy we ykdysady ugurlarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň we çuňlaşdyrmagyň we sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, soňky döwürde käbir adamlaryň we eden-etdilikli toparlaryň Eýranyň Yrakdaky diplomatik mekanyna eden hüjümlerine gynanç bildirip, Yrak döwletiniň bu hüjümlere aýgytly we çalt jogap bermeginiň zerurdygyny aýtdy.
Bu telefon jaňynda Yragyň premýer-ministri Mustafa al-Kazemi Eýranyň döwletini we halkyny Oraza baýramy bilen gutlady we Sionist režimiň Palestinde soňky döwürde eden jenaýatlaryny, şeýle hem Gazada goragsyz adamlaryň agressiýasyny we öldürilmegini berk ýazgardy we bu jenaýatlara garşy çynlakaý we aýgytly gapma-garşylygyň zerurdygyny aýtdy.
Ol şeýle-de yslam ýurtlarynyň we Arap Bileleşiginiň ýolbaşçylary bilen maslahatlaşyp, bu meselede hökman berk we mäkäm pozisiýa eýeläris diýdi.