Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11654-eýranda_koronanyň_iň_soňky_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şu gün beren beýanatynda soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 233 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 77,765 adama ýetdi diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 19, 2021 12:41 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şu gün beren beýanatynda soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 233 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 77,765 adama ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary merkezi şu gün bir bildiriş boýunça ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 bilen kesellän 12 müň 789 täze hassa tapyldy, şolardan bir müň 601-si keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi bu bildirişde şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 2 million 792 müň 204 adama ýetdi diýip habar berdi.

Bu ministrlik şeýle-de şu wagta çenli 2,272,719 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.

Resmi maglumatlara görä, koronawirus dünýäde 164 milliondan gowrak adama ýokaşdy we bu keselden 3,419,000-den gowrak adam öldi.