Ruhani: Eýran halky ykdysady söweşde ýeňiş gazandy
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýran halkynyň ykdysady söweşde ýeňiş gazanandygyny aýtdy.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani ýekşenbe güni döwletiň ykdysady utgaşdyryş merkeziniň mejlisinde şeýle diýdi: Ýurduň dürli senagat pudaklarynda önümçiligiň ösüş görkezijileri ABŞ-nyň iň ýokary basyş syýasatynyň netijesizliginiň iň gowy subutnamasy bolup, olary bu syýasatlaryň şowsuzlygyny boýun almaga mejbur etdi.
Ruhani sözüniň dowamynda Wenada geçirilen soňky gepleşikleri göz öňünde tutup, Amerikalylar sanksiýalary ýatyrmaga taýýardyklaryny aç-açan aýtdylar diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti şeýle hem gepleşikleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Ruhani sözüniň ýene bir bölüminde Eýranyň awtoulag pudagynyň Iň kyn şertlerde garşy durmagy we önümçiligini artdyrmagy başarandygyny nygtady.
Döwletiň ykdysady utgaşdyryş merkeziniň şu günki ýygnagynda maýa bazaryndaky şertleri gowulandyrmak üçin goşmaça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy we karar berildi.