Waezi: Eýran-Azerbaýjan gatnaşyklary strategiki derejä çykaryldy
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň edarasynyň başlygy: Eýran-Azerbaýjan Respublikasynyň gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça strategiki derejä çykaryldy diýdi.
ISNA habar gullugynyň duşenbe güni beren habaryna görä, Eýranyň prezidentiniň edarasynyň başlygy "Mahmud Waezi", Azerbaýjan Respublikasynyň Wise-premýeriniň orunbasary "Şahin Mostafow" bilen bolan duşuşygynda Eýran Yslam Respublikasynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň taryhy, medeni we etnik umumylyklaryna salgylanyp Eýran ähli duýgur we ýiti ýagdaýlarda we dürli döwürlerde Azerbaýjan Respublikasynyň döwletiniň we halkynyň tarapynda boldy we iki ýurduň arasynda ähli ugurlarda berk gatnaşyklar ýola goýuldy diýdi.
Eýranyň Prezidentiniň edarasynyň başlygy şeýle-de ABŞ-nyň zalymlykly sanksiýalary sebäpli togtadylan taslamalary durmuşa geçirmek üçin taýynlyk görülmeli we biz olary halklarymyzyň bähbidine işjeňleşdirmeli diýdi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Wise-premýeriniň orunbasary Şahin Mostafow bu duşuşykda Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň bu ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurdygyny aýtmak bilen Energetika, ulag, senagat, oba hojalygy we syýahatçylyk ýaly dürli pudaklarda iki ýurduň arasynda mundan beýläkki hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikler bar diýdi.