Eýranyň we Täjigistanyň Içeri işler ministrleriniň arasynda özara düşünişmek ylalaşygyna gol çekildi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11872-eýranyň_we_täjigistanyň_içeri_işler_ministrleriniň_arasynda_özara_düşünişmek_ylalaşygyna_gol_çekildi
Eýranyň we Täjigistanyň içeri işler ministrleri hyzmatdaşlyk memorandumyna gol çekdiler.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 02, 2021 15:59 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň we Täjigistanyň Içeri işler ministrleriniň arasynda özara düşünişmek ylalaşygyna gol çekildi

Eýranyň we Täjigistanyň içeri işler ministrleri hyzmatdaşlyk memorandumyna gol çekdiler.

Çarşenbe güni ISNA habar gullugynyň habaryna görä; Eýranyň we Täjigistanyň içeri işler ministrleriniň arasynda özara düşünişmek memorandumyna gol çekilmegi bilen, Guramaçylykly jenaýatçylyga, ekstremizme we terrorçylyga we neşe gaçakçylygyna garşy göreş, polisiýa okuwy, tejribe alyşmak, professor-talyp alyş-çalyşygy, şeýle hem, maýa goýum we söwda meselesinde iki ýurduň arasynda has köp işler başlar.

Hyzmatdaşlyk memorandumyna gol çekip we alyş-çalyş edensoň, Eýranyň içeri işler ministri Abdolreza Rahmani Fazli Täjigistanyň içeri işler ministri Ramazan Rahimzadeh bilen geçirilen söhbetdeşlikde şeýle diýdi: Elbetde, bu şertnamalar howpsuzlyk, hukuk goraýjy, medeniýet, ykdysadyýet we söwda pudaklaryndaky gatnaşyklary giňeltmekde täsirli bolar.

Eýranyň içeri işler ministri şeýle-de Eýran bilen Täjigistan iki ýurduň ykdysady we söwda ösüşi üçin bu şertnamalary durmuşa geçirmek üçin gurnaýjy suratda işlemelidigini aýtdy.

Täjigistanyň Içeri işler ministri hem bu memoranduma gol çekmegiň Eýran bilen Täjigistanyň arasyndaky ähli ugurlardaky hyzmatdaşlygy güýçlendirjekdigini aýtmak bilen bu şertnamalar geljekde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin esas bolar diýdi.