Eýranyň, Owganystanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrleri Owganystanyň parahatçylygyna gatnaşmagyň zerurlygyny nygtadylar
Eýran Yslam Respublikasy, Türkiýe we Owganystannyň Daşary işler ministrleri üç ýurduň Owganystanyň parahatçylyk etabyna we sebitdäki terrorçylyga garşy göreşe işjeň gatnaşmagnyň zerurdygyny aýtdylar.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, ýekşenbe güni Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen üçtaraplaýyn ýygnakda Eýran Yslam Respublikasy, Türkiýe we Owganystannyň Daşary işler ministrleri "Muhammet Jawad Zarif", "Moloud Çawuşoglu" we "Muhammet Hanif Atmar" Owganystanda parahatçylyk prosesinde we sebitdäki terrorçylyga garşy göreşde üç ýurduň işjeň gatnaşmagnyň zerurdygyny nygtadylar.
Eýranyň aragatnaşyk ýollary arkaly Owganystan bilen tranzit hyzmatdaşlygy, şeýle hem bu ýurt bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bu duşuşygyň beýleki ylalaşyklaryndan bolandyr.
Duşuşygyň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasy, Türkiýe we Owganystanyň Daşary işler ministrleri tarapyndan üç taraplaýyn beýannama berildi.
Eýranyň Daşary işler ministri Çawuşoglunyň çakylygy boýunça Antalýa Diplomatik Assambleýasynyň mejlisine gatnaşmak üçin geçen hepdeden bäri Türkiýe saparyndadyr ol bu saparynda sebitdäki käbir resmiler bilen pikir alyşdy.