Saýlawlaryň soňy; Saýlanan prezidentiň pikirlerine we meýilnamalaryna göz aýlamak
Eýran Yslam Respublikasynyň on üçünji prezident saýlawynda sesleriň sanalmagy bilen "Seýed Ebrahim Räisi" Eýran halky nyň sekizinji prezidenti höküminde saýlandy.
Eýranyň Içeri işler ministrliginiň saýlaw kampaniýasyna görä, anna güni geçirilen saýlawlarda 18 milliona golaý ses alyp, "Seýed Ebrahim Räisi" Eýranyň on üçünji prezidenti saýlandy.
Bu ýeňişden soň, Eýran halkynyň saýlanan prezidenti öz beýanatynda bu saýlawlarda saýlanmagynyň dini demokratiýanyň dolandyryşyna, tutuş halkyň we tutuş respublikanyň hyzmatkäri saýlanmagyna esaslanýandygyny aýtdy: Ol bu Saýlawlara giremde, ýokary sesleriňiz we deňi-taýy bolmadyk ynamyňyz bilen zähmetsöýer, ynkylapçy we korrupsiýa garşy hökümet gurjakdygymy goldaýaryn we Yslam Rewolýusiýasynyň merkezi wezipesi hökmünde adalaty giňeltmäge tarap hereket ederis diýdi.
13-nji prezident saýlawynda, ýeňiş gazanmazdan ozal,Räisi bir söhbetdeşlikde; halky söýmek, korrupsiýa garşy durmagy we ynkylap ruhunyň bardygyny öz kärdeşlerini saýlamakda göz öňüne tutjak üç komponent hökmünde häsiýetlendirip, Halk hökümetiniň haýsydyr bir korrupsiýa ýol bermejekdigini aýdyp administratiw guramanyň islendik ýerinde korrupsiýanyň kök urmagyna ýol bermeris ,diýdi.
Räisi, şeýle hem, prezident saýlawlaryna gatnaşýandygyny yglan edip, hökümetiniň işiniň möhüm temalaryna salgylanyp ýazdy:
Saýlanan prezident ýurduň baýlyklaryny dogry paýlaşjakdygyny aýtdy. Saýlawyň netijesi, halkyň durmuşyna umyt we janlylygy dikeltmek üçin hakyky "özgeriş" bolmaly diýdi.
Takmynan 45 günüň içinde prezidentlik wezipe saýlanan prezidente gowşurylar.
saýlanan prezident; ýurduň ykdysadyýetini dürli sebäplere görä köp zyýan çeken wagtynda alar. Iň soňky statistikalara görä, on ikinji hökümetiň ahyrynda inflýasiýanyň derejesi 45% -e çenli ýokarlandy we bu görnüşdäki rekorddyr.