Musawi: Eýran sebitdäki parahatçylygy güýçlendirmek başlangyjyny goldaýar
Eýranyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçisi Eýran sebitdäki parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi güýçlendirmek başlangyjyny goldaýar diýdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçisi Seýed Abbas Musawi anna güni ýazan twitinde Eýran sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmek üçin sebit mehanizmini döretmek başlangyjyny goldaýar diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçisi sözüniň dowamynda Günorta Kawkazyň üç ýurdy (Azerbaýjan Respublikasy, Ermenistan we Jorjiýa) sebitiň bähbidi üçin üç esasy goňşy ýurt bolýan (Eýran, Türkiýe we Orsýet) bilen birlikde hyzmatdaşlyk edip bilerler diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif geçen ýyl Bakuw, Ýerewan, Tbilisi, Ankara we Moskwa sapar edende Kawkaz, Orsýet we Türkiýe ýurtlary tarapyndan garşy alnan 3 + 3 sebitiň mehanizmini teklip etdi.